Türkmenistanda Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibine üýtgetme girizildi

  • 16.01.2025 11:11
  • 7.3k+

Türkmenistanda Döwlet emläginiň kärendesine, mugt peýdalanmaga (ssuda) berilmeginiň şertnamalaryny bellige almagyň Tertibine üýtgetme girizildi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri degişli Buýrugy çykardy. Ol Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 10-njy ýanwarda döwlet belligine alyndy. Bu barada Türkmenistanyň hukuk maglumatlar portaly habar berýär.

Üýtgetmä laýyklykda, baglaşylan kärende şertnamalary, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, olaryň möhletiniň uzaldylmagy baradaky ylalaşyklary bellige almak bilen bagly hyzmat tölegli esasda amala aşyrylýar. Hyzmatyň tölegi Kärendesine alyjy tarapyndan tölenilýär, muňa döwlete degişli edara-kärhanalar degişli däldir.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....