Redmi Note 14 we Note 14 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykardy

  • 15.01.2025 10:04
  • 9.7k+

Redmi resmi taýdan Note 14 4G we Note 14 Pro 4G modellerini dünýä bazaryna hödürledi. Bu smartfonlar AMOLED ekrany, kuwwatly batareýalary we emeli aňly Google Gemini goldawy bilen üpjün edilendir diýip, Gizmochina habar berýär.

Redmi Note 14 Pro 4G, 6,67 dýuýmlyk, 2400x1080 durulykdaky, 120 Gz täzeleniş ýygylygy we iň ýokary 1800 nit ýagtylygy bolan displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam Corning Gorilla Glass Victus 2 bilen goralýar.
Smartfon Helio G100-Ultra prosessorynde işleýär. Iň ýokary konfigurasiýada bu model 12 GB RAM (operatiw ýat) we 512 GB içki ýat bilen hödürlenýär. Kamera ulgamy 200 MP esasy sensordan, 8 MP giň burçly moduldan we 2 MP makro linzadan ybaratdyr. Batareýasynyň kuwwaty 5500 mAh bolup, 45 W tiz zarýad almagy goldaýar.
Enjam şeýle-de ekranyň aşagyndaky barmak yzy skanirleýjisini, Dolby Atmos bilen stereo ses çykyşlaryny, Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.3 goldawyny, NFC modulyny we IP64 suwa we tozana garşy gorag standardyny öz içine alýar.
Redmi Note 14 4G modeli hem birmeňzeş displeý bilen üpjün edilip, Corning Gorilla Glass 5 bilen goralýar. Bu model Helio G99-Ultra prosessory bilen işläp, kamera ulgamy 108 MP esasy sensordan, 2 MP çuňluk sensoryndan we 2 MP makro linzasyndan ybaratdyr. Batareýasynyň kuwwaty 5500 mAh bolup, 33 W tiz zarýad almagy goldaýar.
Redmi Note 14 4G modeli melewşe, ýaşyl, gara we gök reňklerde hödürlenýär. Pro wersiýasy bolsa gara, gök we melewşe reňklerde hödürlenýär.
Bahasy:

  • Note 14 4G – 199 dollardan;
  • Note 14 Pro 4G – 299 dollardan başlanýar.

Bu model geçen dekabr aýynda hindi bazarynda hödürlenipdi. Global görnüşiniň Hytaýdaky görnüşinden tapawudy, öň (selfie) kamerasynyň hili we 8 MP giň burçly linzanyň goşulmagy bolup durýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...