Xiaomi dekabr aýynda Redmi Note 14-i dünýä bazaryna çykarmaga taýýarlanýar

  • 20.11.2024 13:23
  • 4.9k+

Xiaomi 2024-nji ýylyň dekabrynda "Redmi Note 14" görnüşli smartfonynyň hindi bazarynda satuwa çykaryljakdygyny tassyklady. Bu şeýle görnüşli smartfonlaryň global paýlanyşynyň başlangyjy bolar diýip, gizmochina.com belleýär.

Şu ýylyň ýanwar aýynda öňki model “Note 13-iň" ilkinji çykarylyşy bolup geçdi, şonuň üçin öňümizdäki aýda kompaniýa täze smartfon çykarmagy bilen, takmynan, meýilnamasyndan bir aý öňe geçer.
Bu görnüşli smartfonyň hatary üç modeli öz içine alar: Redmi Note 14, Note 14 Pro we Note 14 Pro +. Bu enjamlar eýýäm oktýabr aýynda hytaý bazaryna çykaryldy.
Global görnüşler Hytaýda bar bolan modellerden aýratynlyklary we işleýşi boýunça tapawutlanyp biler. Bu aýratynlyklar barada jikme-jiklikler entek aýan edilmedi diýip, ixbt.com ýazýar.


18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....