Disney-i “Moananyň” ideýasyny ogurlamakda aýyplaýarlar: şikaýatçy $10 mlrd talap edýär

  • 15.01.2025 14:46
  • 5.7k+

Animator Bak Wudoll kazyýete arza berip, Disney kompaniýasynyň “Moana” multfilmini we onuň dowamyny döretmek üçin öz ssenarisinden ideýany ogurlandygyny aýdýar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Wudoll öz arzasynda kompaniýanyň öz “Baki” atly animasion filmi üçin ýazan ssenarisinden bölekleri alandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, Disney taslamasynyň sýužeti onuň ideýasyny doly gaýtalaýar. Wudoll indi multfilmiň girdejisinden 2,5% ýa-da 10 mlrd dollar möçberde öwez tölegini talap edýär.
Wudollyň belleýşi ýaly, eserleriň ikisinde-de howply başdangeçirmelere ugraýan we ýolda haýwanlaryň ruhlaryna duşýan polineziýaly ýetginjekler barada gürrüň berilýär.
Kompaniýanyň wekilleri ogurlykda aýyplamalary ret edip, subutnama hökmünde taslamanyň döredilmegine we ösdürilmegine degişli resminamalary hödürledi.
Wudoll ilki “Moananyň” birinji bölümi üçin Disney-i kazyýete berdi, ýöne 2024-nji ýylyň noýabr aýynda onuň arzasy has giç berlendigi sebäpli ret edildi. Multfilmiň ikinji bölüminiň çykmagy animatoryň awtorlyk hukugy üçin ýene kazyýete ýüz tutmagyna sebäp boldy. Kazyýet multfilmleriň meňzeşligi baradaky çözgüdi gatnaşyjylaryň kabul etmelidigini kesgitledi. 
Wudoll ilkinji gezek öz pikirlerini 2000-nji ýyllarda Mandeville Films kompaniýasynda ösüş boýunça müdir wezipesini eýelän Jenni Marçik bilen paýlaşandygyny aýtdy. Ol Bakdan personažlaryň dizaýny, önümçilik meýilnamalary ýaly goşmaça materiallary bermegi sorap, ony filmiň çykyp biljekdigine ynandyrdy. Şol wagt Mandeville Films hem Disney bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärdi.
“Moana 2-niň” premýerasy geçen ýylyň ahyrynda boldy. Multfilmiň girdejisi tas 1 mlrd dollara ýetdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......