CES 2025 sergisinde “Ýyldyz söweşleriniň” stilinde uçýan elektromobil hödürlendi

  • 14.01.2025 17:13
  • 6.3k+

Las-Wegasda geçirilen CES 2025 sergisinde SmTechLabs kompaniýasy uçýan Manta M4 elektromobilini hödürledi. Bu enjamyň daşky görnüşi “Ýyldyz söweşleri” (Звездные войны) franşizasyndan howa ulagyny ýada salýar diýip, Daily Mail belleýär.

Manta M4 sagatda tizligini 104 kilometre çenli artdyrýar we 150 metre çenli belentlikde uçup bilýär. Ol hem gury ýerden, hem suwly ýerden uçup, gonuşda diňe suwa gonýar.
Ulag serişdesi joýstigiň kömegi bilen dolandyrylýar. Ol üç hereketlendirijini iýmitlendirýän akkumulýatorlardan gelýän elektrik energiýasynyň kömegi bilen howada üç sagada çenli saklanmaga ukyplydyr.
Mundan başga-da, enjam guşlar bilen çaknyşmalaryň öňüni almak üçin ulgam, şeýle-de akulalary gorkuzmak üçin niýetlenen özboluşly ultrases tolkun tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Bu bolsa deňiz uçuşlarynda goşmaça howpsuzlyga ýardam berer.
Gurnalan 360 gradus kamera ulanyja uçuş wagty owadan görnüşleri surata düşürmäge mümkinçilik berýär.
Häzirlikçe Manta M4 ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasyndan uçuş üçin ygtyýarnama almady, bu hem onuň ulanylyşyny çäklendirýär. Muňa garamazdan, işläp düzüjiler ýakyn geljekde ulag serişdesiniň täjirçilik ulanylyşy üçin sertifikatlaşdyrylmagyna umyt bildirýär.


26.04.2026 16:01
2.3k+

Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar....

22.12.2025 13:32
4.7k+

Amsterdamda uçarlary çekmek üçin elektrik tirkeg ulaglary ulanylyp başlandy

Niderlandlaryň KLM Royal Dutch Airlines awiakompaniýasy uçarlara hyzmat etmek üçin ilkinji Goldhofer elektrik tirkeg ulaglaryny ulanylyşa girizdi. Täze tehnika Amsterdamdaky Shiphol howa menzilinde, ýurduň iň uly howa merkezleriniň birinde işläp başlady...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...

12.10.2024 18:04
12k+

Ilon Mask sürüjisiz robotaksi we robofurgon hödürledi

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask kompaniýanyň iki täze prototipini: CyberCab robotaksisini we Robovan furgonyny hödürledi. Tanyşdyrylyş Kaliforniýadaky Warner Bros. kinostudiýasynda geçirildi. CyberCab-yň bahasy...