Lenovo aýdylan zatlary şol wagt terjime edip bilýän nauşnigini görkezdi

  • 14.01.2025 17:10
  • 3.1k+

Lenovo kompaniýasy Las-Wegasda geçirilen CES 2025 sergisinde aýdylan zatlary islendik dile şol wagt terjime edip bilýän we ulanyjylaryň saglyk ýagdaýyny seljerýän emeli aň (AI) bilen enjamlaşdyrylan täze nauşnigini tanyşdyrdy diýip, TechRadar habar berýär.

Enjamda dürli dillerde gürleýän adamlar bilen aragatnaşygy saklamak üçin niýetlenen birnäçe täsin aýratynlyklar bar. Esasy aýratynlyklaryň ýene biri-de sesleri klonlamak (gaýtalamak) funksiýasydyr. Emeli aň aýdylan sözleri terjime etmek bilen eýesiniň sesini takyk gaýtalap bilýär.
Şeýle-de, gulaklyk Lenovo Virtual Care ulgamyny goldaýar. Bu ulgam biometriki gözegçiligiň we emeli aňyň kömegi bilen ulanyjynyň saglyk ýagdaýyny seljerip bilýär. Mundan başga-da, nauşnik birnäçe işi awtomatlaşdyrylmaga kömek edýän Lenovo Action Assistant bilen işleýär.
Onda jemi 7 sany düwme we port bar. Olaryň arasynda sesiň derejesini sazlamak, multimediýany dolandyrmak üçin köp funksiýaly düwme we sesli kömekçini işjeňleşdirmek üçin aýratyn düwmeler bar. Enjama tiz zarýad bermek üçin USB-C porty göz öňünde tutulupdyr. Mikrofon taýajygy eplenýär, has gowy ses ýazgy etmek üçin aýlanyp bilýär.


şu gün 11:15
787

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 07:37
1.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......