“Zalym” sanly prokatda rekord goýdy, “Mufasanyň” kassa ýygymy 500 mln dollardan geçdi

  • 14.01.2025 14:03
  • 4.5k+

“Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада) mýuzikli ABŞ-nyň sanly prokatynda girdeji ýygymy boýunça täze rekord goýdy. Ilkinji hepdede film 70 mln dollar ýygnady diýip, Universal studiýasy habar berýär.

Öňki rekord “Doganlar Super Mario kinoda” (Братья Супер Марио в кино) multfilmine degişlidi (2023-nji ýylda degişli döwürde 44 mln dollar).
“Zalymyň” dünýädäki umumy girdejisi 683 mln dollara ýetdi we olardan 453 mln dollar ABŞ-nyň, 230 mln dollar halkara bazarlarynyň paýyna düşýär.
Film Gregori Maguaýryň romanyna we 2003-nji ýylyň adybir Brodweý mýuzikline esaslanýar. Režissýor hökmünde Jon M.Çu çykyş etdi. Filmiň dowamy 2025-nji ýylyň noýabr aýyna meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Mufasa: Şa Ýolbars” Demirgazyk Amerikada 190 mln dollar ýygnap, umumy 540 mln dollar görkezijisinden geçdi. Analitikler ahyrky girdejiniň, takmynan, 600 mln dollar bolmagyna garaşýar. Bu 200 mln dollarlyk býujeti ödemäge mümkinçilik berer, ýöne şeýle netije üç esse köp, ýagny 1,66 mlrd dollar gazanan “Şa Ýolbars” remeýkinden (2019) ep-esli yza galýar. Bu tomaşaçylaryň garyşyk seslenmeleri we “Sonik 3 kinoda”, “Nosferatu” we “Moana 2” tarapyndan çynlakaý bäsleşigiň bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....