Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirild

  • 14.01.2025 11:08
  • 2.5k+

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi.
Şeýle hem maslahatda
 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredilen täze goşgular okaldy, aýdymlar ýaňlandy. Olarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli işleri wasp edildi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren «Türkmeniň agzybirlik ýoly baky dowamdyr» atly edebi-sazly kompozisiýasynda täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän hoşmeýilli daşary syýasatymyz, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, halklaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy.
Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....