Hytaýly alym möýüň täze görnüşlerine pop aýdymçynyň aýdymlarynyň atlaryny dakdy

  • 13.01.2025 22:34
  • 7.4k+

Hytaýly arahnolog Mi Sýaosi möýüň 16 sany täze görnüşine meşhur taýwanly aýdymçy Jeý Çouwyň aýdymlary bilen bagly atlary dakdy diýip, Phys.org habar berýär.

Jeý Çou hökmünde tanalýan sazanda Çžou Szelun World Music Awards baýragynyň ençeme gezek eýesi we Aziýanyň pop aýdym-sazynyň iň abraýly şahsyýetleriniň biridir. Alym adamlaryň tebigaty goramaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak üçin öz açan möý görnüşlerine aýdymçynyň adyny bermek kararyna geldi.

“Möýleri Jeý Çouwyň aýdymlarynyň hormatyna atlandyrmak ylmy gözlegleri jemgyýete ýakynlaşdyrýar. Men has köp adamyň alymlaryň işine üns berip, daşky gurşawyň goragyny goldamagyna umyt bildirýärin” – diýip, 44 ýaşly hünärmen aýtdy. Bu şeýle-de boldy: KHBS-iň maglumatlaryna görä, bognaýaklylaryň täsin atlary bilen bagly waka Weibo sosial ulgamynda tiz ýaýrady we degişli heşteg 26 milliondan gowrak tomaşa ýygnady.

Günorta-günbatar Guýçžou welaýatyndaky Tunžen uniwersitetiniň hünärmenleri täze görnüşleri Hytaýyň Ýunnan sebitinde tapdylar.
Möýleriň biri – uzynlygy 3,5 millimetr bolan Cyclosa xingqing sp. nov Çžouwyň 2000-nji ýylda çykan ilkinji “Jay” albomyndaky söýgi aýdymynyň hormatyna “Starry Mood spider” (Ýyldyz şähtli möý) adyny aldy. 2,36 millimetr uzynlykdaky sarymtyl-goňur möý “Secret Code” (Gizlin kod) 2002-nji ýyldaky aýdymyň hormatyna atlandyryldy.
Beýleki atlaryň arasynda “Rainbow spider” (Älemgoşar möýi) we “Excuse spider” (Ötünç soraýan möý) bar.


düýn 11:17
4.3k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.2k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....