“Şrek” multfilminiň bäşinji bölüminiň premýerasy 2026-njy ýylyň dekabryna süýşürildi

  • 13.01.2025 22:30
  • 2.5k+

Dreamworks studiýasy “Şrek 5” multfilminiň çykjak senesini 2026-njy ýylyň 23-nji dekabryna süýşürdi. Ilkibaşda ýaşyl ogr we beýleki erteki gahrymanlary baradaky animasion franşizanyň dowamy geljek ýylyň iýul aýynda kinoteatrlarda çykmalydy.

Studiýa ony ýarym ýyl yza süýşürmeginiň sebäbini düşündirmeýär. Ähtimal, bu onuň ileri tutmalary bilen baglanyşyklydyr. Indi 2026-njy ýylyň iýul aýyna “Minýonlar 3” filmi meýilleşdirilýär.
Geljekki “Şrekde” baş rollara Maýk Maýers (Şrek), Eddi Mýorfi (Eşek) we Kemeron Dias (Fiona) gaýdyp geler. Filmiň sýužeti gizlin saklanýar, ýöne ol “Şrek ömürlik” we “Ädikli pişik 2” multfilmleriniň wakasyny dowam etdirip biler.
“Şrek” Dreamworks studiýasynyň iň meşhur franşizalarynyň biridir. Ol dünýä prokatynda, takmynan, 3 mlrd dollar gazandy.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....