Türkmenistanyň ilçisi Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

  • 13.01.2025 15:58
  • 3.3k+

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar geljekde Türkmenistanda ylmy tehnologiýa boýunça bilim berilýän ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, tejribe alyşmak, talyplaryň ylmy maslahatlara gatnaşmaklary bilen bagly degişli işleri alyp barmaklygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň netijeleri agzalyp geçildi.
Ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen tanyşdyrdy.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......