Häzirki depgin üýtgemese, Ýaponiýada 2720-nji ýyla çenli 14 ýaşdan kiçi ýekeje çaga galar

  • 13.01.2025 14:28
  • 11k+

Eger Ýaponiýada demografik ýagdaý üýtgemese, häzirki depgin bilen 2720-nji ýylyň başyna çenli ýurtda 14 ýaşdan kiçi bir çaga galar. Bu Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýosidanyň soňky hasaplamalaryndan gelip çykýar diýip, The Japan Times neşiri ýazýar.

Mundan öň şeýle ýagdaý 2821-nji ýylda bolar diýlip çaklanylypdy.
Täze maglumatlar çagalaryň sanynyň azalmak prosesini bellige alýan onlaýn sagatlar arkaly alyndy. Sagatlar Ýaponiýanyň ilatynyň düzüminde ýaş nesilleriň paýynyň okgunly depginde azalmagyny wizuallaşdyrýar.
Seljerme 2024-nji ýylda çaga dogluşy baradaky statistik maglumatlara esaslanýar. Geçen ýyl täze doglan çagalaryň sany ilkinji gezek 700 müňden az boldy. Bu hem ýaramaz çaklamanyň duýdansyz çaltlaşandygyny görkezdi. Häkimiýetler bu çäge diňe 2038-nji ýyla çenli ýetiler diýip garaşypdy.
Demografik çökgünlik ýapon jemgyýetiniň ähli taraplaryna täsir edýär. Häzir ilatyň bary-ýogy 11%-i 15 ýaşdan kiçi çagalar bolup, 65 ýaşdan uly adamlaryň paýy 30%-e ýetýär.

“Demografik syýasatda düýpli üýtgeşme bolmasa, ýagdaý ýaramazlaşmagyny dowam etdirer” – diýip, ylmy gözlegçiler belleýär.

Hünärmenler çaga dogluşyny durnuklaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny belläp geçýär. Mesele ykdysady, sosial we medeni ugurlary öz içine alýar, onuň çözgüdi bolsa uzak möhletleýin tagallalary talap edýär.


12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....