Tailand syýahatçylara synag görnüşinde bitkoin bilen töleg etmäge rugsat berýär

  • 13.01.2025 14:19
  • 3.1k+

2025-nji ýylda Phuketde syýahatçylara harytlar we hyzmatlar üçin bitkoin bilen töleg etmäge mümkinçilik berýän synag taslamasy işe girizilýär. Bu barada Tailandyň maliýe ministri Piçai Çunhawajira yglan etdi diýip, 3DNews habar berýär.

Ministr kriptowalýuta synagynyň soňlugy bilen beýleki syýahatçylyk şäherlerine-de ýaýradyljakdygyny belledi.
Maksatnama görä, syýahatçylar öz bitkoinlerini Tailandyň biržasy arkaly hasaba alyp, şahsyýetini tassykladyp biler. Soňra bitkoinler kliring palatasy arkaly taý batlaryna öwrüler.
Ýurtda sanly walýutalaryň ýaýrawy artýar. Huaý Phuen sebitindäki oba hatda “bitkoinleriň şäheri” adyny aldy, bu ýerde ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler nagt däl hasaplaşyk üçin satoşileri (bitkoiniň iň kiçi birligi) ulanýar. Şeýle-de, ýerli kofehanada kriptowalýutalary ulanmak boýunça okuw geçirilýär, ýerli dükanlar we köçe kiosklary bolsa töleg hökmünde eýýäm bitkoinleri kabul edýär.


şu gün 16:40
902

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......