Hytaýda BMW X3-iň üýtgeşik wersiýasy çykarylyp başlandy. Ol beýlekilerden uzyn

  • 13.01.2025 13:58
  • 7.4k+

Hytaýda BMW Brilliance zawodynda G48 kuzowynda BMW X3 krossoweriniň täze wersiýasy öndürilip başlandy.

Autohome-niň habar bermegine görä, bu wersiýanyň aýratynlygy onuň ölçegleriniň ulaldylmagydyr. Ulagyň uzynlygy 4865 mm, ini 1920 mm we teker bazasy 2975 mm. Hytaý modeliniň teker arasy adaty görnüşinden 110 mm uly we BMW X5-iňki bilen deň hasaplanýar.
Ýewropada-da, ABŞ-dada şuňa meňzeş ulag öndürilmeýär. Ulaglary ilkinji gezek şu çärýekde ugradyp başlamak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Hytaýda diňe bir modifikasiýa teklip edilýär - BMW X3 30Li. Ol 287 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik benzinli hereketlendirili, 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen utgaşyklykda enjamlaşdyrylandyr. Geljekde modeliň gerimini giňeltmek meýilleşdirilýär.
Krossoweriň uzaldylan görnüşi, esasanam, içi ýolagçylar üçin giňiş bolan awtoulaglara isleg bildirilýän Hytaý bazarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup döredildi.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......