Xiaomi 15 Ultra hemra aragatnaşyk goldawyna eýe bolar

  • 13.01.2025 12:07
  • 4.9k+

Täze Xiaomi 15 Ultra smartfony standart görnüşde emeli hemralar arkaly aragatnaşyk goldawyny alar. Enjam iki görnüşde hödürlener diýip, Digital Chat Station atly maglumat çeşmesi habar berýär.

Xiaomi tarapyndan çykaryljak täze smartfonyň bir görnüşi Beidou aragatnaşyk ulgamy arkaly hemra jaňlaryna we hatlara goldaw berse, beýleki görnüşi diňe hemra jaňlaryny goldar.
Mundan öň hem, Xiaomi 15 Ultra smartfonynyň iki dürli görnüşiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda hasaba alnandygy, ýagny C3 şahadatnamasyny alandygy barada habar beripdik. Eger bu maglumat tassyklansa, Xiaomi 15 Ultra hytaý kompaniýasynyň emeli hemra aragatnaşyk funksiýalaryny goldaýan ilkinji smartfony bolar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...