Zambezi gurap gutardy diýen ýaly: Derýada suwuň derejesi örän pese düşdi

  • 12.01.2025 23:56
  • 7.9k+

Namibiýanyň çägindäki Zambezi derýasynda suwuň derejesi howsalaly görkezijä ýetdi. Derýanyň guramagy ýerli infrastruktura we ykdysadyýet üçin uly howp döredýär diýip, The Namibian habar berýär.

Afrikanyň iň uly derýalarynyň birinde suwuň azalmagy sebitde dowam edýän gurakçylygyň netijesi boldy. Derýada suwuň derejesi 15 sm çenli peseldi, bu soňky bäş ýylda iň pes derejedir. Bir ýyl ozal bu görkeziji 90 sm, 2019-njy ýylda bolsa 1,25 m barabardy.
Suwuň derejesiniň peselmegi bilermenleriň we ýerli häkimiýetiň arasynda alada döredýär. Milli suw üpjünçilik kompaniýasy Namibia Water Corporation-yň (NamWater) wekili Nalisa Mapenzi derýanyň mundan beýläkki saýlaşmagynyň infrastrukturanyň weýran bolmagyna we ykdysady ýitgä getirip biljekdigini belledi. Kompaniýa öýleri, ofisleri we kärhanalary arassa agyz suwy bilen üpjün edýär we energetika pudagyna-da möhüm täsiri bar.
Derýanyň saýlaşmagynyň sebäbi bolan guraklyk oba hojalygyna we Zambeziniň akyp geçýän ýurtlarynda gidroenergetika ýaramaz täsir etdi. Derýanyň uly Kariba we Kabora-Bassa gidroelektrostansiýalarynyň ýerleşýän aşaky akymlarynda suwuň derejesi iň pes derejä düşdi. Bu bolsa Zambiýa, Zimbabwe we Mozambik üçin elektrik energiýasynyň önümçiligini kynlaşdyrýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Günorta Afrika ýurtlary soňky ýüz ýylda iň güýçli guraklygy başdan geçirýär. Bu guraklyk bolsa El-Ninýo klimat hadysasy bilen baglanyşyklydyr. Namibiýanyň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň häkimiýetleri ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna jogap hökmünde netijeleri gowşatmak üçin adatdan daşary çäreleri gördüler. 


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......