NASA-nyň astronawtlary 15 ýyldan soň ilkinji gezek kosmos obserwatoriýasyny abatlamaga taýýarlanýar

  • 12.01.2025 22:33
  • 2.3k+

NASA 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek kosmos obserwatoriýasyny abatlamagy meýilleşdirýär. Astronawt Nik Heýg Halkara kosmos stansiýasynda NICER (Neutron star Interior Composition Explorer) rentgen teleskopyny bejermegiň möhüm ädimlerini öňünden türgenleşip gördi diýip, Phys.org ýazýar.

16-njy ýanwarda açyk kosmosa çykmak meýilleşdirilýär. Ol astronawt Sunita Uilliams bilen bilelikde başga-da birnäçe wezipäni ýerine ýetirer.
NICER teleskopy galaktikalardan we neýtron ýyldyzlaryndan gelýän rentgen şöhlelerini öwrenýär. 2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri ol "yşyk syzmakda" kynçylyk çekýär. Zeper ýeten termiki ekranlar detektorlaryň işine päsgel berip, Gün şöhlesini geçirýär. Näsazlygy düzetmek üçin NASA-nyň inženerleri astronawtlaryň elde ýamap biljek ýörite ýamalaryny döretdiler.
Türgenleşikler Hýustonda, NASA-nyň bitarap ýüzýän laboratoriýasynda, ýagny göwrümi 6,2 million gallonlyk ýapyk howuzda geçirildi. Astronawtlar T-handle guralyny ulanyp, ýamalary aýyrmak we ýamamak bilen meşgullandylar. Taýýarlyk zaýalanan ýerleri gözden geçirmegi, abatlamagy we arassalamagy öz içine aldy.

"NICER 2009-njy ýylda hyzmat edilen Hubble kosmos teleskopyndan soň, orbitada hyzmat edilýän ilkinji kosmos obserwatoriýasy bolar" – diýip, missiýanyň esasy barlagçysy Kit Žandro belledi.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....