Görşi pes adamlar üçin emeli aňly "akylly" hasa tanyşdyryldy

  • 12.01.2025 22:13
  • 4.1k+

"WeWalk" britan startap kompaniýasy görşi pes adamlar üçin niýetlenen “Smart Cane 2” atly akylly, eplenýän hasasyny tanyşdyrdy. Enjam GPT emeli aň modeli esasynda işleýän ses kömekçisi bilen üpjün edilendir. “Emeli aňyň örän peýdaly we üstünlikli ulanylyşynyň az sanly mysallarynyň biri” diýip, Engadget belläp geçýär.

Hasanyň agramy adaty hasadan kän bir tapawutlanmaýar. Ol ses çykaryjy gurluş, mikrofon, päsgelçilikleri ýüze çykarýan ulgam we hereket duýujy enjamlar bilen üpjün edilendir.
Oýlap tapyjylar hemme zady göz öňüne tutupdyrlar: enjamda garaňkyda eýesini has göze ilginç edýän çyra hem ýerleşdirilendir.
Hasa Bluetooth gulaklyklaryna baglanyp bilýär. Ol smartfon bilen baglanyşdyrylandan soň, ulanyjy üçin ýol görkezip bilýär, ugruny kesgitleýär we ýanyndan geçip barýan dükanlaryň ýa-da beýleki ýerleriň ady bilen tanyş edip bilýär. Hasanyň batareýasynyň işleýiş wagty takmynan 20 sagatdyr.
Hasanyň ilkinji alyjylaryna enjamyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Bahasy 850-1150 dollar aralygynda üýtgeýär. Arzan görnüşini satyn alan ulanyjylar ses kömekçisinden peýdalanmak üçin aýda 5 dollar tölemeli bolýarlar, emma gymmat görnüşini satyn alanlara ähli funksiýalar goşmaça tölegsiz hödürlenýär.
Mundan öň Waşingtonda ýerleşýän Glidance kompaniýasy hem şuňa meňzeş taslamasyny tanyşdyrdy. Onuň Glide atly akylly hasasy ulanyjynyň howpsuzlygyny üpjün edýän stereoskopik kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Taýak diňe bir çaknyşyklaryň öňüni almak bilen çäklenmän, gapylary, liftleri, merduwanlary we bordýurlary öňünden duýdurýar, şeýle-de çatryklarda hereketi togtadýar. Emma bu enjam 1500 dollardan hödürlenýär.


10.06.2026 11:10
735

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....