Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli 500 müň sany Optimus robotlaryny öndürmegi meýilleşdirýär

  • 12.01.2025 20:14
  • 5.5k+

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli azyndan 500 müň sany Optimus atly gumanoid (adam şekilli) robotlary öndürmegi meýilleşdirýär. Ol bu robotlaryň taryhda iň möhüm önüm boljakdygyny aýdýar. Maskyň bu karary, Hytaý bilen bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen, Tesla elektromobillerine bolan islegiň peselen döwrüne gabat geldi.

Mask FSD-niň (öz-özüni dolandyrýan ulgamyň) we Optimus robotlarynyň mümkinçilikleriniň Tesla-nyň paýnama bahalaryny ýokarlandyrjakdygyna ynanýar. Onuň pikirine görä, adamlaryň we robotlaryň gatnaşygy geljekde 5-e bir bolup biler, ýagny dünýäde 30 milliard robot ulanylyp bilner.
Tesla, 2026-njy ýylda 50 müňden 100 müňe çenli robot öndürmegi, 2027-nji ýylda bolsa önümçiligi 10 esse artdyryp, 500 müňden 1 milliona ýetirmegi maksat edinýär.
Mask bu robotlaryň Tesla-nyň öňden bar bolan tehnologiýalaryna esaslanýandygyny we olaryň täze müşderileri çekmekde möhüm orun eýelejekdigini belleýär.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...