Aktrisa Jeými Li Kýortis ýangyndan ejir çekenlere kömek üçin 1 million dollar berdi

  • 12.01.2025 22:26
  • 9.6k+

Aktrisa Jeými Li Kýortis Los-Anjelesiň ýangyndan ejir çeken ýaşaýjylaryna kömek üçin 1 million dollar berdi. Şol bir wagtda, 66 ýaşly aktrisanyň özi hem ýangynyň ýakynlaşmagy sebäpli öýüni terk etmeli boldy diýip, Daily Mail ýazýar.

"Men ýanýoldaşym we çagalarym bilen bilelikde bu puly şäherimizi, ştatymyzy we onuň ilatyny goldamak üçin şahsy serişdelerimizden bölüp bermek kararyna geldik" – diýip, ol Instagramda ýazdy.

Kýortis has netijeli kömek bermek üçin Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom, Los-Anjeles şäheriniň häkimi Karen Bas we ABŞ-nyň senatory Adam Şif bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

“Häzir meniň ýaşaýan ýerim ýalyn içinde. Pasifik-Paliseýds şäheri tutuşlygyna ýanýar” – diýip, ol Jimmi Fellonyň gepleşigine beren interwýusynda habar berdi. Kýortis dostlarynyň we tanyşlarynyň köpüsiniň öz öýlerini ýitirendigini sözüniň üstüne goşdy.

7-nji ýanwarda başlanan ýangyn diňe bir Los-Anjelesi däl, eýsem onuň ýanaşyk  sebitlerini hem gurşap aldy. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden tebigy betbagtçylyk ýagdaýy režiminiň girizilýändigini yglan etdi. Iň soňky maglumatlara görä, aradan çykanlaryň sany 16-a ýetdi, 10 000-den gowrak öý we beýleki binalar weýran boldy. Köp sanly meşhur adamlaryň we millionerleriň ýaşaýan gözel Pasifik-Paliseýds sebitiniň  onlarça mähellesi tüsse burugsap duran harabaçylyga öwrüldi.
57 000-den gowrak bina howp astynda bolmagynda galýar.


düýn 13:01
6.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....