Türkmenistan statistikasyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barar

  • 12.01.2025 11:52
  • 4.1k+

Türkmenistanda statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça işler geçirilýär. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu babatda degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.4k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......