Toyota Roomy 2027-nji ýylyň güýzünde peýda bolar

  • 12.01.2025 11:35
  • 6.5k+

Toyota keý-karynyň täze Roomy neslini satuwa çykarmaga taýynlanýar. Awtoulag 2027-nji ýylyň güýzünde çykar, Toyota Alphard-a meňzär we has tygşytly hereketlendirijileri alar diýip, Ýaponiýanyň Best Car Web çeşmesi habar berýär.

Täze Roomy-nyň “ekiztaýy” Daihatsu Thor saklanyp galar, emma Daihatsu-nyň işläp taýýarlaýşa gatnaşygynyň derejesi entek belli däl. Bu ýaňy-ýakynda kompaniýanyň ulagy sertifikatlaşdyranda maglumatlary galplaşdyrmakda aýyplanmagy bilen baglanyşykly.
Roomy häzirki 1,0 litrlik Daihatsu hereketlendirijisini ýitirse gerek, sebäbi Toyota-nyň has täsirli hereketlendirijileri bar. Mysal üçin, Toyota Ýaris-iň 1,5 litrlik hereketlendirijisi bir litr benzin bilen 21,3 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa häzirki Roomy-ň (16,8 km) görkezijilerinden 26 göterim ýokarydyr.
Täze wersiýanyň 28 km ýol geçmek üçin bir litr ýangyç talap edýän, modeliň esasy bäsdeşi olan Suzuki Rokiniň hereketlendirijisine meňzeş hereketlendiriji almagyna garaşylýar. Gibrid güýç gurluşynyň hem peýda bolmagyna garaşylýar.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......