Tesla täzelenen Model Y 2025 krossowerini hödürledi

  • 12.01.2025 10:31
  • 5.2k+

Tesla kompaniýasy öz bestselleriniň ornuny tutjak täzelenen Model Y 2025-i hödürledi. Bu krossoweriň 2020-nji ýylda satuwa goýberilenden bäri ilkinji täzelenmesidir.

Täze wersiýa mart aýyndan başlap Hytaýda we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda elýeterli bolar, Ýewropada we ABŞ-da bolsa birneme giç çykmagyna garaşylýar.
Elektrik krossoweri has ýiti çyzyklary we güberçek faralaryň deregine çyra zolagy oturdylan täze öň bölegi bilen Model 3-i ýada salýar. Yzky bölek hem üýtgedi: indi adaty çyralaryň deregine kese çyra zolagy ulanylýar.
Interýerde yzdaky ýolagçylar üçin täze sensor paneli, şeýle-de Model 3-den alnan atmosfera ýagtylyk zolagy peýda boldy. Mundan başga-da, asgyç (podweska) we galmagal izolýasiýasy kämilleşdirildi, bu hem ýol galmagalynyň derejesini peseltmäge mümkinçilik berdi. Iň ýokary wersiýanyň kuwwaty 450 at güýjüne, geçýän menzili 719 kilometre ýetýär.
Elektromobiliň esasy wersiýasy 5,9 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, doly herekete getirijili wersiýa bolsa munuň üçin 4,3 sekunt sarp edýär.
Esasy yzky herekete getirijili Tesla Model Y RWD-niň bahasy 263 500 ýuan (36 müň dollar). Doly herekete getirijili Long Range AWD-niň bahasy 303 500 ýuan (41 müň dollar). Iň kuwwatly wersiýa Performance birneme soň täzelenme alar.
Tesla 2024-nji ýyly 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende awtomobil üpjünçiliginiň pese gaçmagy bilen tamamlady. Bu kompaniýanyň awtomobilleri 2012-nji ýylda köpçülikleýin bazar üçin satyp başlandan bäri ilkinji pese gaçyş boldy.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......