Illinoýs uniwersitetiniň talyplary NASA bilen hyzmatdaşlykda geljekde Amerikanyň Aýda guruljak bazasy üçin infrastruktura taslamasyny döretdiler. Olar elektrik energiýasyny almak, aragatnaşygy üpjün etmek, ýük daşamak we Aý baýlyklaryny çykarmak üçin Ýeriň hemrasynda uly kömekçi stansiýa ýerleşdirmegi teklip edýärler diýip, Phys.org habar berýär.
Bu düşünje “Barlaglar, gorlary ýerinde ulanmak we ösüş üçin Trans-Aý merkezi” (Trans-Lunar Hub for Exploration, ISRU, and Advancemen) diýip atlandyryldy. Gadymy grek mifologiýasynda ilkinji Aý taňrysy, Aý hudaýynyň ejesi Selenanyň adyny göterip, gysgaldylyp THEIA (“Teýýa”) diýilýär.
Stansiýada 100 metrlik ýedi sany diň gurmak meýilleşdirilýär. Olar Aýa ýygnalan görnüşde eltiler. Diňlerde Gün panelleri we tehnika zarýad bermäge mümkinçilik berjek lazer arkaly energiýa geçiriji ulgamlar ýerleşdiriler. Şeýle hem olarda simsiz aragatnaşyk serişdeleri bolar, bu hem kosmonawtlar üçin örän möhümdir.
Mundan başga-da, diňler Aýyň Günorta polýusynyň golaýynda, Günüň hemişe pesde, gözýetimiň üstünde asyl-asyl saklanyp, hemranyň üstüne uzyn kölege düşürmek bilen, geljekki bazanyň sebitinde ýagtylygyň kyn şertlerinde kömek etjek güýçli yşyklar bilen üpjün ediler.
Diňlerden başga-da, taslama wodorody we kislorody goşmak bilen, Aý regolitinden çeşmeleri çykarmak ulgamyny öz içine alýar. Energiýa üpjünçiligi üçin ýadro reaktorlaryny ulanmak meýilleşdirilýär. Infrastruktura Aýa Starship-iň kömegi bilen eltiler. Bu kosmos gämisiniň göterijilik ukyby, takmynan, 100 tonna, bu bolsa artygy bilen ýeterlikdir: merkez üçin ähli enjamlaryň umumy agramy 72,5 tonnadan geçmez.
“Artemida” programmasy boýunça ilkinji düşürişi 2027-nji ýylda amala aşyrmak meýilleşdirildi. THEIA taslamasy ondan soňky tapgyrlarda durmuşa geçirilip başlanar.