Ýewropanyň “ýyldyz” şäherleriniň kosmosdan nähili görünýändigi görkezildi

  • 10.01.2025 17:19
  • 8.2k+

 

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) baş plany ýyldyzlara meňzeýän Ýewropa şäherleriniň suratlaryny çap etdi.

Ýyldyz şekilli galalaryň gurluşygy ilkinji gezek Galkynyş döwründe Italiýada başlandy. Bu pikir goranyş nukdaýnazarlaryndan gelip çykýar. Orta asyr diwarlary ok-däri we top ýaly, täze ýaraglara garşy durup bilmändir. Şonuň üçin hem şäherlerde duşmanyň berkitmelerden geçmegini kynlaşdyrmak üçin giň garymlary we öňe çykyp duran berkitmeleri ulanmagy karar edipdirler.
ESA hemra tarapyndan surata düşürilen şeýle şäherleriň dört mysalyny hödürledi. Hemradan görnüşi:


Nef-Brizah. Germaniýa bilen serhede golaý, fransuz Alzasynda ýerleşýän şäher. 1697-nji ýylda Reýniň garşy kenaryndaky Breýzah ýitirilenden soň guruldy. / © ESA


Portugaliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Almeýda galasy, Ispaniýa bilen serhede golaý. XIII asyrda bu ýerde bir oba bolupdyr, indiki asyryň başynda ol gözegçilik postuna öwrüldi; Bu berkitme ýurduň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda serhedi goramakda möhüm rol oýnapdyr. / © ESA


Palmanowa, Italiýanyň Friuli-Wenesiýa-Juliýa sebitinde. Döwrüniň nusgawy berkitme taslamasy bolup, 1593-nji ýylda gurlan. Gala UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Wenesiýa respublikasynyň demirgazyk-gündogar serhedini goramak üçin guruldy. / © ESA


Niderlandlaryň demirgazyk-gündogaryndaky Burtanž. Germaniýany Groningen şäheri bilen birleşdirýän ýeke-täk we şonuň üçin strategiki taýdan möhüm ýoly goramak üçin 1593-nji ýylda harby berkitme hökmünde guruldy. / © ESA


22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......