WSJ: uçuşlaryň sanynyň artmagy bilen ýakynda ABŞ-nyň kosmodromlarynda dykyn dörär

  • 08.01.2025 17:17
  • 7.7k+

Islegleriň artmagy we uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýakyn ýyllarda ABŞ-nyň kosmodromlaryna aşa agram düşer diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär.

2024-nji ýylda uçuşlaryň görlüp-eşidilmedik mukdary hasaba alyndy (150-den gowrak), olaryň aglabasy üç meýdançada amala aşyryldy. Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşen uçuşlaryň badalga toplumy iň ýüki ýetik toplum boldy (67 uçuş). Ikinji orny Kaliforniýadaky Wandenberg bazasy (47 uçuş), üçünji orny bolsa Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezi (26 uçuş) eýeledi.
WSJ uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen, bu meýdançalaryň dyknyşyklara duçar bolup, kosmosa barmaly zerur ýükleriň wagtynda ýetirilmegini kynlaşdyrjakdygyny ýazýar.
Federal raýat awiasiýasy müdirliginiň (FAA) öňki ýolbaşçy işgäri Jorj Nildiň sözlerine görä, islendik heläkçilik kosmodromyň işini birnäçe aýlap bökdäp biler diýip, bilermenler duýdurýarlar.
Beýleki kosmodromlar federal rugsady almakda kynçylyk çekýär, käbirleriniň bolsa deňze çykalgasy ýok. Raketalar adatça, ilata howp salmazlyk üçin, kenarýaka sebitlerden uçurylýar. Kenar ýakasynda uçuşlaryň täze badalga meýdançalaryny gurmak hem kyn, çünki ýerli ýaşaýjylar, köplenç, päsgelçiliklerden we goh-galmagallardan zeýrenýärler.
FAA-nyň ýolbaşçylygyndaky Milli kosmodromlar strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça  topar bu meseläni çözmek bilen meşgullanýar. 2025-nji ýylda bu iş boýunça hünärmenleriň hasabat bermegine garaşylýar.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....