Maskyň hususy uçarlary bir ýylda 355 gatnaw edip, ýangyç üçin 2,5 mln dollar sarp etdi

  • 02.01.2025 17:50
  • 16k+

2024-nji ýylda Ilon Maskyň hususy uçarlary asmanda, takmynan, 881 sagat sarp etdiler. Milliarderiň uçuşlary baradaky maglumatlary Business Insider neşiri JetSpy hyzmatynyň kömegi bilen seljerdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Ilon Maskyň iki sany Gulfstream uçary 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýynyň ortasyna çenli jemi 355 gatnaw amala aşyrdy.
ABŞ-nyň içinde esasy gatnaw ugurlary Kaliforniýa, Tehas we Ostin boldy, bu ýerlerde SpaceX-iň desgalary we Tesla-nyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Iň köp gatnalan ugur Donald Trampyň Mar-a-Lago rezidensiýasyndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Palm-Biç howa menzili (31 gatnaw) boldy. Trampyň saýlawlardaky ýeňşinden soň bu sebitde 25 gatnaw hasaba alyndy. Respublikan dalaşgäri goldamak üçin, Mask Pensilwaniýa we Jorjiýa ýaly “durnuksyz” ştatlara-da uçdy.
Şeýle-de, uçarlar daşary ýurtlara hem gatnady: Fransiýa, Polşa, Germaniýa, Portugaliýa, Indoneziýa, Hytaýa we Beýik Britaniýa. Mask Olimpiýa oýunlarynda Pariže we Notr-Dam ybadathanasynyň açylyşyna bardy hem-de Starlink-iň uçuşy üçin Balä gitdi.
Maskyň uçarlary 2,5 mln dollarlyk ýangyç sarp etdi, kömürturşy gazynyň zyňyndylary bolsa 4000 tonna ýetdi.
2022-nji ýyldan bäri Mask hususy uçarlaryň hereketini gizlemäge mümkinçilik berýän federal programmadan peýdalanýar.


düýn 16:26
4.6k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......