2025-nji ýyldan başlap beta nesliniň ilkinji wekilleri dünýä iner

  • 03.01.2025 11:27
  • 20k+

2025-nji ýylda beta nesliniň ilkinji wekilleri dünýä iner. Bu milleniallaryň ýaş wekilleriniň (Y nesil) we uly ýaşly zumerleriň (Z nesli) çagalary bolar diýip, sosiolog we futurolog Mark Makkrindl belledi.

Hünärmeniň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli beta nesli dünýä ilatynyň 16% -ini emele getirer.

“Beta nesli Alfa nesliniň yzyndan gelýär (2010–2024-nji ýyllarda doglanlar). Biz şeýle ady olara diňe bir täze nesildiklerini bellemek üçin däl, eýsem olaryň düýbünden başga dünýäde kemala geljek ilkinji nesil boljakdyklaryny bellemek üçin dakdyk. Şonuň üçin bu dürli nesilleriň täze tehnologiki integrasiýa dünýäsinde nähili terbiýelenjekdigini görkezmek üçin grek elipbiýine geçdik "- diýip Makkrindl belledi.

Sosiolog geljekki nesiller üçin sanly we fiziki dünýäleriň bir giňişlige öwrüljekdigini nygtaýar. Emeli aň, awtomatlaşdyryş, awtonom ulaglar we immersiw tehnologiýalar olar üçin gündelik hakykata öwrüler.
Mundan başga-da, beta nesli çynlakaý durmuş kynçylyklary bolan dünýäni miras alar. Millenial we zumer ene-atalar olara deňhukuklylyk, ekologiýa taýdan arassalyk we hyzmatdaşlyk ýaly gymmatlyklary öwrederler.
MakKrindl "Bu beta nesliniň jemgyýetçilige we hyzmatdaşlyga gönügen, dünýä derejesinde pikirlenýän nesil bolmagyna getirer" – diýip, Makkrindl sözüniň üstüni ýetirdi.
Sosiolog beta nesliniň köp wekilleriniň XXII asyra çenli ýaşajakdygyny aýtdy.

düýn 10:10
3.9k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

23.06.2026 20:58
8.7k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....