Keniýada bir oba agramy ýarym tonna barabar demir halka gaçdy

  • 04.01.2025 21:05
  • 25k+

30-njy dekabrda Keniýanyň paýtagty Naýrobiniň 120 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Mukuku obasyna asmandan diametri, takmynan, 2,5 metr we agramy ýarym tonna barabar bolan demir halka gaçdy. Bu barada Keniýanyň kosmos gullugyna salgylanýan The New York Times neşiri  habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, bu raketa göterijiniň bölüji halkasy.

"Şeýle obýektler, adatça, Ýeriň atmosferasyna girende ýanmaly ýa-da ummanlar ýaly, boş ýerlere düşmeli" – diýip, kosmos gullugynda habar berdiler. Bu gaçyş "seýrek ýagdaý" hökmünde häsiýetlendirildi we agentlik tarapyndan halkara kosmos kanunlaryna laýyklykda derňeler.

Sygyr bakyp ýören şaýatlaryň biri gaty gümpüldiniň eşidilendigini, soňra bolsa gyzyl öwüsýän ullakan tegelek obýektiň “haýallyk bilen asmandan  gaçandygyny” we ýere düşenden soň bolsa sowap, çal reňke geçendigini gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylara zeper ýetmedi. Keniýanyň kosmos gullugy obýektiň howp salmaýandygyny we derňeljekdigini aýtdy.
Ýewropa kosmos agentligini[ hasaplamalaryna görä, Ýeriň pes orbitasynda 14 müň tonnadan gowrak material bar, olaryň üçden bir bölegi kosmos galyndylarydyr. Alymlar galyndylaryň mukdarynyň täze uçuşlar sebäpli artdyrjakdygyny bellediler, sebäbi galyndylary azaltmak boýunça geçirilýän çäreler uçuryşyň tizliginiň yzyndan ýetip bilmeýär.
Şuňa meňzeş wakalar öň ABŞ-da we Kanadada hem bolupdy. Şol ýerde raketalaryň has kiçiräk galyndylary binalara zeper ýetirip, fermalara düşüpdi.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...