Toyota Land Cruiser Prado 250 heläkçilik synaglarynda iň ýokary bahany aldy

  • 08.01.2025 14:24
  • 18k+

Toyota Land Cruiser Prado 250 ANCAP heläkçilik synaglarynda (kraş-test) iň ýokary baha aldy. Wnedorožnik bäş ýyldyz bilen sylaglandy diýip, Youtube-yň 4Drive Time kanaly habar berýär.

ANCAP Awstraliýanyň Awstraliýada we Täze Zelandiýada ulaglaryň howpsuzlygyny bahalandyrýan guramasydyr. Guramanyň hünärmenleri 204 at güýjüni öndürýän we 8 tizlikli awtomatiki geçirişli, 2,8 litrlik dizel hereketlendirijili 7 orunlyk ulagy synagdan geçirdiler.
Birnäçe heläkçilik synaglarynyň netijelerine görä, sürüjini we uly ýaşly ýolagçyny goraglylygy 85% -e deň diýip bahalandyryldy (40 baldan 34,39 bal).
Çagalaryň goraglylygy 89% (49 baldan 43,62 bal), pyýadalaryň goraglylygy 84%, sürüjilere kömek ulgamlary bolsa 82% bal gazandy.
Sagatda 50 km tizlik bilen barýarka öň tarapdan urgy bolanda sürüjiniň döşüne we sag injigine agyr ýük düşýär, ýöne ýolagçy gowy goralýar.
Gapdaldan degen urgy bedeniň ähli möhüm ýerleriniň iň ýokary derejede goraglydygyny görkezdi. Sütüne baryp urlan ýagdaýynda, göwräniň goragy ýeterlik derejede diýip bahalandyrylýar we merkezi howa ýassygy öňdäki oturanlaryň özara  çaknyşmagynyň öňüni alýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......