Apple-iň akylly sagady kompýuteri syçansyz dolandyrmaga kömek eder

  • 09.01.2025 15:21
  • 3.7k+

Las-Wegasda geçirilýän CES 2025 sergisinde Doublepoint Technologies startapy Apple Watch-e yşaratlar bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän WowMouse programmasyny hödürledi. Bu barada PR Newswire neşiri habar berdi.

Programma el hereketlerini tanamak üçin sagadyň içindäki datçiklerini ulanýar. Mysal üçin, barmaklary gysmak bir gezek basmagyň ýerini, eli galdyrmak bolsa sahypalary agdarmagyň ýerini tutýar. Birikmeklik Bluetooth arkaly amala aşyrylýar, Doublepoint-iň algoritmleri buýruklara derrew jogap bermegi üpjün edýär.


Ondan öň WowMouse diňe Samsung Galaxy Watch ýaly Android enjamlarynda bardy. Bir ýylyň dowamynda programma, takmynan, 100 müň gezek ýüklenip alyndy. Tehnologiýa häzirki wagtda dünýädäki akylly sagatlar bazarynyň ýarysyny diýen ýaly tutýan Apple Watch üçin elýeterlidir.
Programma mugt we kody döredijiler üçin açyk bolar. Şeýle hem, Doublepoint WowMouse-i telewizor, planşet we akylly öýler üçin uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Häzir kompaniýa dolandyrmagy has takyk etmek üçin algoritmleri gowulandyrmagyň üstünde işjeň işleýär. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, algoritmiň häzirki wersiýasy statiki şertlerde 97% takyklyga ýetýär, şeýle hem hereket edilýärkä-de wezipelerini gowy ýerine ýetirýär.
CES 2025-e gelenlere täze önümi synap görmek we artykmaçlyklaryna baha bermek mümkinçiligi berildi.


10.03.2026 08:10
3.6k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...