Apple Intelligence has köp ýady talap edýär: ilkibaşda 4 Gb bolsa, indi 7 Gb ýetdi

  • 09.01.2025 14:33
  • 1.8k+

Kompaniýanyň enjamlary bilen işlemegi has amatly etmek maksady bilen döredilen Apple Intelligence emeli aň funksiýasy çalt ösýär we eýýäm enjamda has köp ýeri talap edýär diýip, 9to5mac habar berýär.

Ilkibaşda Apple Intelligence-iň iPhone-da, iPad-de we Mac-da işlemegi üçin 4 gigabaýt boş ýer bölünip berildi. Şeýle-de bolsa, iOS 18.2-niň çykmagy bilen ulgam Apple Intelligence üçin eýýäm 7 Gb boş ýer soraýar. Bu ulanyjylaryň funksiýanyň işlemegi üçin enjamlarynda has köp ýer bölüp bermelidigini aňladýar.
Apple Intelligence-iň köp ýer talap etmegi onuň işiniň yzygiderli giňelmegi bilen baglanyşykly. Kompaniýa Siri ses kömekçisini gowulandyrmagyň üstünde işjeň işleýär we iOS 18.4-iň çykmagy bilen Apple Intelligence-iň ýada bolan talabynyň hasam artmagyna garaşylýar.
Ulanyjy maglumatlarynyň iň ýokary howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Apple-iň maglumatlary ýerinde gaýtadan işlemäge bil baglaýandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin Apple Intelligence-iň ähli funksiýalary bulutda däl-de, gönüden-göni ulanyjynyň enjamynda işleýär.


şu gün 12:35
3.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....