Amerikaly sýorfer 12 gatly jaýyň beýikligindäki tolkuny “boýun egdirdi”

  • 08.01.2025 16:17
  • 11k+

23 ýaşly amerikaly sýorfer Alessandro Slebir, takmynan, 33 metr beýiklikdäki tolkuny “boýun egdirdi”. Bu San-Fransiskodan 40 km günorta-günbatarda, özüniň adatdan daşary şertleri bilen tanalýan sýorferler üçin meşhur ýer bolan Maweriksde bolup geçdi.

KSBW teleýaýlymyna beren interwýusynda Slebir beýikligi 12 gatly jaý bilen deňleşip bilýän ägirt uly suw diwarlarynda özüni synap görmek üçin Gawaýiden ýörite gelendigini gürrüň berdi. Slebire diňe bir deňagramlylygy saklamak däl, eýsem tolkun örküjinden ozdurmak başartdy. Muny köp sanly kadrlar hem delillendirýär.
Häzir hünärmenler bu üstünligiň 2022-nji ýylda Portugaliýanyň Nazare kenarlarynda germaniýaly Sebastýan Ştoýdtner tarapyndan goýlan öňki 27 metr rekordy täzeläp biljekdigini ýa-da ýokdugyny barlaýarlar.

“Ewerest dagyny gaýta-gaýta ölçäp bolýar, ol hemişe üýtgewsiz galar. Hatda iň uly tolkun bolsa bary-ýogy birnäçe sekunt dowam edip, soň ýitip gidýär” – diýip, Los Angeles Times bilen söhbetdeşlikde uly tolkunlarda sýorfing boýunça hünärmen Bill Şarp belledi. 


düýn 20:25
7.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.4k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......