Nýu-Ýork ABŞ-da ilkinji bolup şäheriň merkezine girişi tölegli etdi

  • 08.01.2025 16:10
  • 8.1k+

Nýu-Ýork ABŞ-nyň taryhynda şäheriň merkezine girmek üçin sürüjilere töleg girizen ilkinji şäher boldy. Bu barada Financial Times habar berýär.

Hereketiň iň ýokary derejesinde ýol puly 9 dollar bolar, hereket birneme azalan wagty töleg 2,25 dollardan başlar. Uly bolmadyk ýük ulaglarynyň sürüjilerinden 14,40 dollar, has uly göwrümli awtomobillerden 21,60 dollar alnar.
Täze shema awtomobil gatnawyny 10% azaltmak we jemgyýetçilik ulaglaryny ösdürmek üçin 15 mlrd dollar ýygnamak maksady bilen işlenip taýýarlandy. Şäher transport edarasynyň (MTA) başlygy Ýanno Liber meýilnamanyň bäş ýyl işlenip taýýarlanandygyny belledi.
Manhetten eýýäm köpden bäri ýol dyknyşyklaryndan kynçylyk çekýär. 2024-nji ýylda Nýu-Ýork dünýäniň iň köp hereketli şäheri boldy: awtomobil sürüjileri dyknyşyklarda ýylda ortaça 101 sagat ýitirdi, bu bolsa ykdysadyýete 9,1 mlrd dollarlyk zyýan ýetirdi.
Şeýle-de, tölegiň girizilmegi ekologiýany gowulandyrmaga we şäherlileriň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, ýygnalan serişdeleri bolsa metrolary, awtobuslary we beýleki şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin maýa goýmak meýilleşdirilýär.


düýn 19:47
606

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......