2024-nji ýylyň wagtyna has jür awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň reýtingi düzüldi

  • 08.01.2025 13:29
  • 12k+

Awiasion seljeriş kompaniýasy Cirium 2024-nji ýylda dünýäniň işini öz wagtynda ýerine ýetiren awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Öňdebaryjylar Meksikanyň Aeromexico awiagatnadyjysy we Er-Riýadyň howa menzili boldy diýip, CNN habar berýär.

Reýting boýunça tertipden gyşarma 15 minutdan köp bolmaly däldi.
Aeromexico 86,7% takyklyk görkezijisi bilen dünýä awiakompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjy boldy. Ikinji orunda Saudi Arabian Airlines (86,35%), üçünji orunda ABŞ-dan Delta Air Lines (83,46%) ýerleşdi.
Ýewropa awiakompaniýalarynyň arasynda iň gowulary Iberia Express (84,69%), Iberia (81,58%) we SAS (81,40%) boldy. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Ispaniýanyň Vueling (81,20%) we Norwegiýanyň Norwegian Air Shuttle (79,23%) awiakompaniýalary girdi.
Howa menzilleriniň kategoriýasynda iň takygy Er-Riýaddaky patyşa Halid adyndaky Halkara howa menzili boldy. Ikinji we üçünji orunlary Limanyň (Peru) we Mehikonyň (Meksika) howa menzilleri eýeledi.
Cirium-yň gözlegi hakyky wagt maglumatlaryny ulanyp, gatnawlaryň takyk ýerine ýetirilişine baha berýär we pudakda iň abraýlylaryň biri hasaplanýar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......