BAFTA 2025 baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawy hödürlendi

  • 08.01.2025 11:05
  • 3.5k+

BAFTA Film Awards 2025-nji ýylyň dalaşgärleriniň uzyn sanawyny yglan etdi. Nominasiýalaryň sany boýunça öňdebaryjylar Žak Odiaryň “Emiliýa Peres” we Edward Bergeriň “Konklaw” filmleri boldy diýip, Deadline habar berýär.

“Emiliýa Peres” jenaýatçylyk dramasy 15 kategoriýada, şol sanda “Iň gowy film”, “Iň gowy režissýor” we “Iň gowy adaptirlenen ssenariý” kategoriýalarynda baýraga dalaş edýär. Baş keşbi ýerine ýetiren Karla Sofiýa Gaskon “Iň gowy aktrisa” hökmünde dalaşgär görkezildi. Şeýle-de, sanawda Selena Gomes we Zoi Saldana bar, olar ikinji plandaky iň gowy keşp kategoriýalarynda hödürlendi.
Täze Rim Papasynyň saýlanmagy baradaky triller “Konklaw” 14 nominasiýada, şol sanda “Iň gowy filmde” dalaşgär görkezildi. Izabella Rossellini we Stenli Tuççi ikinji plandaky iň gowy aktýor ady üçin göreşer, Reýf Faýns bolsa “Iň gowy aktýor” nominasiýasynda dalaş edýär.
Beýleki meşhur filmleriň arasynda “Substansiýa”, “Brutalist” we Bob Dilan baradaky biografik film “Düýbünden nätanyş” (Совершенный незнакомец) bar, olaryň her biri 11 kategoriýada dalaşgär görkezildi.
Ridli Skottuň “Gladiator 2” filmi 9 nominasiýada, esasan hem tehniki üstünlikler üçin baýrak ugrunda göreşýär.
Gutarnykly ses berişlik 22-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda geçiriler, baýragyň gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda geçer.
Britaniýanyň kino we telewizion sungat akademiýasy (BAFTA) 1947-nji ýylda döredildi. Laureatlara bir gözi ýumlan teatr maskasynyň şekilinde bürünç heýkeller berilýär. Onuň dizaýny amerikaly suratkeş we heýkeltaraş Misi Kanliff tarapyndan taýýarlandy.


şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......