Bilim ministrligi daşary ýurt diplomlaryny Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine üýtgeşmeleri girizdi

  • 07.01.2025 16:52
  • 13k+

Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran Buýrugyna laýyklykda, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeler we goşmaça girizildi. Degişli üýtgeşmeler Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda döwlet belligine alyndy.

Üýtgetmelere laýyklykda, “hukuk işi” hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça Türkmenistanyň raýalaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuwlary öz içine alýan okuw meýilnamasy düzüler we Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde tassyklanar.
Daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekillerinden ybarat Döwlet synag topary döredilip, onuň düzümini degişli tertipde tassyklamak baradaky teklip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň garamagyna hödürlener.
Resminamalary ykrar etmegiň we okuwlary guramagyň tertibine degişli maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Internet torundaky resmi web - saýtynda ýerleşdiriler.
Ýene-de bir üýtgeşmä laýyklykda, daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça sowatlylygy barlanar.
Buýrugyň doly tekstini şu salgydan okap bilersiňiz.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......