Hyundai we Kia ähli kynçylyklara garamazdan satuwyny 7,39 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 06.01.2025 16:15
  • 3.7k+

Dünýäde iň uly awtoöndürijileriň üçlügine girýän Günorta Koreýanyň Hyundai we Kia kompaniýalary 2025-nji ýylda satuwy 2%, 7,39 mln awtomobile çenli artdyrmak meýilnamalary barada habar berdiler. Bu barada Reuters agentligi ýazýar.

Geçen ýyl kompaniýalar 7,23 mln awtoulag satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 1% azdyr. Bu Ýewropada we Günorta Koreýada islegiň peselmeginiň netijesi boldy.
Häzirki wagtda awtoöndürijileriň aglabasy bazarda birnäçe kynçylyklar, şol sanda Günorta Koreýada syýasy durnuksyzlyk we ABŞ-da awtomobilleriň importy üçin täze nyrhlary girizmek mümkinçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu wakalaryň bolýan döwründe Hyundai Jorjiýa ştatyndaky täze zawodynda önümçiligi işe girizdi we bu kompaniýa elektrokarlar üçin salgyt ýeňillikleriniň talaplaryna laýyk gelmäge mümkinçilik berer.
Hyundai we Kia täze modelleriň kömegi bilen ABŞ-da öz orunlaryny berkitmek isleýär. Honda we Nissan ýaly ýapon brendleri bilen bäsdeşligiň güýçlenýän şertlerinde koreý ägirtleriniň üstünligi olaryň global bazarda üýtgeýän şertlere uýgunlaşyp bilmegine baglydyr.
Belläp geçsek, häzir kompaniýalaryň ýagdaýy erbet däl. Mysal üçin, umumy satuwyň azalandygyna garamazdan, Kia-nyň amerikan bölümçesi 2024-nji ýyly rekord görkezijiler – 796 488 awtomobil bilen tamamlady. Bu kompaniýanyň taryhynda iň gowy netijedir. Satuw liderleriniň arasynda 161 917 nusga bilen satylan Kia Sportage krossoweri we 1 869% satuw ösüşi bilen doly elektrik EV9 bar.
Kia elektromobilleriniň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 74% ýokarlandy.
Beýleki modeller hem ýokary netijeleri görkezýär: 2024-nji ýylda Kia Forte (+13%) we Telluride (+4%) awtomobilleriniň satuwy ýokarlandy.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....