“Altyn globus – 2025” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 06.01.2025 14:51
  • 2.3k+

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Bewerli-Hillz şäherinde “Altyn globus” baýragynyň 82-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Şu ýyl iň köp baýrak alan “Emiliýa Peres” mýuzikli boldy. Film 8 nominasiýada hödürlendi we dördüsinde ýeňiji boldy: iň gowy mýuzikl, iň gowy daşary ýurt filmi, ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Zoi Saldana) we iň gowy aýdym.
Dramatik filmleriň arasynda iň möhüm baýraklary “Brutalist” filmi gazandy. Ol üç heýkele mynasyp boldy: iň gowy drama, iň gowy aktýor (Edrien Broudi) we iň gowy režissýor (Bredi Korbet).
Seriallaryň arasynda esasy baýrak eýesi “Sýogun” boldy. Ýapon taryhy dramasy öz kategoriýasynda iň gowusy diýlip atlandyryldy, öz rollary üçin baýraklary Hiroýuki Sanada, Anna Sawai we Tadanobu Asano hem aldy. Mini-serialda öz rollary üçin heýkellere Kolin Farrell (“Pingwin”) we Jodi Foster (“Hakyky detektiw: Gijäniň mekany”) mynasyp boldular.

Esasy nominasiýalarda laureatlar:

  • ·Iň gowy film – drama: “Brutalist” (Бруталист, A24)
  • ·Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa: “Emiliýa Peres” (Эмилия Перес, Netflix)
  • ·Iň gowy animasion film: “Akym” (Поток, Sideshow / Janus Films)
  • ·Kinematografiýada we prokatda gazanylan üstünlikler: “Zalym” (Злая, Universal Pictures)
  • ·Daşary ýurt dilinde iň gowy film: “Emiliýa Peres” (Netflix) – Fransiýa
  • ·Dramada iň gowy zenan keşbi: Fernanda Torres (“Men henizem bärde”, Я всё ещё здесь)
  • ·Dramada iň gowy erkek keşbi: Edrien Broudi (“Brutalist”)
  • ·Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy zenan keşbi: Demi Mur (“Substansiýa”, Субстанция)
  • ·Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy erkek keşbi: Sebastian Sten (“Başga adam”, Другой человек)
  • ·Islendik filmde ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi: Zoi Saldana (“Emiliýa Peres”)
  • ·Islendik filmde ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi: Kiran Kalkin (“Hakyky agyry”, Настоящая боль)
  • ·Iň gowy režissýor – film: Bredi Korbet (“Brutalist”)
  • ·Iň gowy ssenariý – film: Piter Strohan (“Konklaw”, Конклав)
  • ·Iň gowy drama teleserialy: “Sýogun” (Сёгун, FX/Hulu)
  • ·Iň gowy teleserial – mýuzikl ýa-da komediýa: “Hileler” (Хитрости, HBO/Max)
  • ·Iň gowy mini-serial, serial-antologiýa ýa-da telefilm: “Sugun çagasy” (Оленёнок, Netflix)

şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....