NASA geljekki mars dikuçarynyň nähili boljakdygyny görkezdi

  • 05.01.2025 13:36
  • 7.6k+

NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynda (Jet Propulsion Laboratory, JPL) Gyzyl planetanyň barmasy kyn ýerlerini öwrenip, mümkinçilikleri babatda ozalky görnüşlerinden ep-esli öňe geçjek mars dikuçarynyň taslamasynyň üstünde işlenip başlandy diýip, Extremetech habar berýär.

Mars Chopper atly dikuçaryň taslamasy barada JPL-iň wekili Teddi Sanetos Amerikan Geofiziki Bileleşiginiň (AGU) dekabr aýynda geçen mejlisinde çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, täze apparat Ingenuity-niň üstünliginden soň, Marsyň barlag işlerinde nobatdaky basgançak bolar.
NASA eýýäm täze dikuçaryň nähili boljakdygyny görkezýän wideony çap etdi.
2021-nji ýylda Marsa Perseverance roweri bilen bilelikde iberilen Ingenuity dikuçarynyň tamany artygy bilen ödändigini ýatladýarys. Agramy 1,8 kg bolan dikuçar meýilleşdirilen bäş uçuşyň ýerine 72 uçuş etdi. Onuň garaşylmadyk üstünligi barmasy kyn ýerlerden geçmäge we mars rowerleriniň baryp bilmeýän  ýerlerini öwrenmäge ukyply howa apparatlarynyň täze neslini işläp düzmäge itergi boldy.
Mars Chopper has uly we has kuwwatly bolar. Onuň agramy çen bilen 40 kg-a çenli bolup, 5 kg-a çenli ylmy enjamlary daşamaga mümkinçiligi bolar. Dikuçar günde 3 km aralygy geçip biler we bu Marsy öwrenmekde iň ykjam gural bolar. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, şular ýaly apparatlar ylym, şol sanda jaýryklarda we beýleki barmasy kyn ýerlerde organiki ýaşaýyş üçin gizlenip boljak ýerleri öwrenmekde täze gözýetimleri açar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....