Incase bilen Microsoft adaty bolmadyk dizaýnly ykjam ergonomiki klawiaturany döretdiler

  • 05.01.2025 13:26
  • 5.3k+

Microsoft-yň aksessuarlaryny öndürmek bilen meşgullanýan Incase kompaniýasy bahasy 120 dollarlyk ykjam, ergonomiki klawiaturany bildiriş etdi. Täze klawiatura ýumşak bilekgoýar we AI Copilot-a çalt girmek üçin ýörite düwme bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, The Verge habar berýär.

Klawiaturada amatly we ýeňil ýazmaga mümkinçilik berýän gaýçy mehanizmli (Scissors System) we 1,3 mm hereketli ultra duýgur düwmeler ulanylýar. Oňa  Bluetooth arkaly üç enjamy birikdirip bolýar we ömri üç ýyla ýetjek iki sany AAA batareýasynda işleýär.
Klawiatura 2023-nji ýylda Microsoft bilen Incase-yň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäklerinde döredildi. Surface hataryna degişli däl aksessuarlaryny çykarmagy bes edensoň, Microsoft şol önümleriň önümçiligini şol bir bölekleri we üpjünçilik zynjyryny saklap, Incase kompaniýasyna geçirdi.
Bahasynyň meşhur Logitech Ergo K860-yň (130 $) bahasyna ýakyndygyna garamazdan, Incase klawiaturasynyň bahasy 365 $ (meselem, Nuio Flow ýa-da ZSA Voyager ýaly) bolan premium klawiaturalardan has amatly bolup galýar.
Klawiaturanyň 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Incase Microsoft-yň işläp taýýarlanlaryna esaslanýan beýleki esbaplary hem hödürlemegi meýilleşdirýär.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
886

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...