Google ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny atlandyrdy

  • 04.01.2025 22:25
  • 5.8k+

Google platformada hödürlenen iň gowy programmalary, oýunlary we kitaplary ykrar edýän Google Play Best ýyllyk baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Kompaniýa 2024-nji ýylyň netijesiniň Android ekoulgamyny elýeterli we innowasion eden işläp düzüjileriň tagallalaryny görkezýändigini belledi.

Iň gowy programmalar:

  • ·Ýylyň programmasy: Partiful – çakylyklaryň döredilmegini awtomatlaşdyrýan Party Genie guraly bilen çäreleri meýilnamalaşdyrmak üçin hyzmat.
  • ·Krossplatforma programmasy: Max – giň mazmun kitaphanasy we dürli gurluşlarda tomaşa etmegi dowam etdirmek funksiýasy bolan akym hyzmaty.
  • ·Güýmenje: Kamilla Lorensenden Mila.
  • ·Şahsy ösüş: UpStudy – Camera Math Solver.
  • ·Gündelik durmuş üçin: MacroFactor - Macro Tracker
  • ·Gizlin hazyna: Timeleft.
  • ·Sagatlar üçin: Baby Daybook - Newborn Tracker.
  • ·Uly ekranlar üçin: Infinite Painter.
  • ·Google TV üçin: Peacock TV: Stream TV & Movies
  • ·Awtomobiller üçin: PBS KIDS Video

Iň gowy oýunlar:

  • ·Ýylyň oýny: AFK Journey – taktiki söweş ulgamy we gerimli fentezi dünýäsi bolan rol oýny.
  • ·Krossplatforma oýny: Clash of Clans – PK-da we Chromebook-da çykan strategiýa.
  • ·Köp ulanyjyly oýun: Squad Busters
  • ·Çalt saýlamak üçin: Eggy Party
  • ·Indi-oýun: Yes, Your Grace
  • ·Taryh: Solo Leveling: Arise
  • ·Täzelenmeler bilen: Honkai: Star Rail
  • ·Maşgala: Tab Time World
  • ·Play Pass: Kingdom Rush 5: Alliance
  • ·PK-da Google Play: Cookie Run: Tower of Adventures

Iň gowy kitaplar:

  • ·Fentezi: “Dragon Rider”, Taran Mataru.
  • ·Triller: “All the Colors of the Dark”, Kris Uitaker.
  • ·Söýgi romany: “House of Flame and Shadow”, Sara J.Maas.
  • ·Çeper edebiýat: “All Fours”, Miranda Julaý.
  • ·Memuarlar: “Knife”, Salman Ruşdi.
  • ·Elhençlik: “The Eyes is the Best Part”, Monika Kim.
  • ·Komiksler: “Homebody”, Teo Periş.
  • ·Asuda manga: “Breakfast with My Two-Tailed Cat”, Aý Simidzu.
  • ·Işewürlik üçin: “Teams: Getting Things Done with Others”, Dewid Allen we Edward Lamont.
  • ·Şahsy ösüş üçin: “Supercommunicators”, Çarlz Dahigg.
  • ·Taryhy fantastika: “James”, Persiwal Ewerett.

2023-nji ýylyň jemi boýunça iň gowulary Imprint programmasy we Honkai:Star Rail oýny bolupdy.


11.06.2026 14:00
2.7k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....