Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

  • 04.01.2025 12:46
  • 3.7k+

Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara bilim güni mynasybetli ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler. Olimpiada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçiriler.

«Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» diýen at berlen olimpiada Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurduň ähli welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar.
Olimpiada dersleriň dördüsi: taryh, matematika, türkmen dili, iňlis dili boýunça iki tapgyrda geçiriler. Bäsleşigiň birinji tapgyry 2025-nji ýylyň 31-nji martynda aşakdaky okuw mekdeplerde:

  • Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda;
  • Balkan welaýatynyň okuwçylary üçin Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
  • Daşoguz welaýatynyň okuwçylary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda;
  • Lebap welaýatynyň ýokary synp okuwçylary üçin S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
  • Mary welaýatynyň okuwçylary üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler.

Birinji tapgyry üstünlikli geçen okuwçylar özleriniň elektron salgylaryna ikinji tapgyra gatnaşmak üçin ýörite açar sözi we ady alarlar. Olimpiadanyň bu tapgyry 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde onlaýn görnüşde test görnüşinde geçiriler we ýokarda görkezilen okuw mekdepleriň binýadynda gatnaşjaklary bir ýere jemlär.
Olimpiadanyň ýeňijileri, I, II we III orunlary eýelänler ýurduň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanarlar. Mundan başga-da, bäsleşikde tapawutlanan okuwçylar höweslendiriji baýraklary alarlar. Olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde, ýokary okuw mekdepde guraljak Açyk gapylar gününde geçiriler.
Akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmak isleýän okuwçylar 2025-nji ýylyň 20-nji martyna çenli gatnaşyjynyň resminamasyny doldurmalydyr hem-de hgi.charetm@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidir. Nusganyň görnüşi Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtynda ýerleşdirilendir. Gatnaşyjylaryň bellige alnandygy baradaky tassyknama 28-nji marta çenli bäsleşigiň geçiriljek wagtynyň görkezilmegi bilen elektron salga iberiler. Goşmaça maglumatlary +99364037176 telefon belgisi boýunça alyp bolar.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......