Netflix “Kalmar oýnunyň” indiki - jemleýji möwsüminiň tizerini çykardy

  • 04.01.2025 12:40
  • 6k+

“Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsüminiň premýerasyndan bir hepde soň Netflix üçünji möwsümiň ilkinji tizerini hödürledi. Täze möwsüm wakanyň finaly bolar diýip, akym hyzmaty tassyklady.

Üçünji möwsümiň premýerasy 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär, ýöne takyk sene heniz yglan edilmedi. Serialy dörediji Hwan Don Hek serialyň dowamynyň, ähtimal, tomusda ýa-da güýzde çykjakdygyny aýtdy.
“Kalmar oýnunyň” ikinji möwsümi tankytçylarda dürli seslenme döretdi. Käbirleri üçin ol, mifologiýanyň düýpli ösüşi bolmazdan, süýndürilen we birinji möwsüme meňzeş ýaly göründi. Ýöne taslama synp deňsizligi we kapitalistik ulgamyň meseleleri ýaly temalara üns berýändigi üçin öwgi almagyny dowam etdirýär.
Tankytlara garamazdan, şouwyň täze möwsümi derrew hite öwrülip, Netflix-iň elýeterli bolan ähli ýurtlarynda öňdebaryjy orny eýeledi. Taslama çykandan soň dört günde 68 mln tomaşa ýygnap, platformanyň serial taryhynda iň gowy başlangyjy görkezdi.


şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....