Hytaýda wodorodda işleýän iň kuwwatly elektrogenerator işlenip taýýarlandy

  • 04.01.2025 12:28
  • 3.3k+

Hytaýyň Mingyang Smart Energy kompaniýasy arassa wodorodda işleýän dünýäde iň kuwwatly elektrogeneratory döretdi. Ol gaýtadan dikeldilýän çeşmeler tarapyndan energiýa önümçiligindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga ukyply diýip, New Atlas habar berýär.

Jupiter One elektrogeneratorynyň kuwwaty 30 MWt bolup, bu sagatda 443,45 tonna wodorodyň ýakylmagy arkaly gazanylýar.
Täze tehnologiýa Gün we ýel tarapyndan önümçiligiň iň ýokary derejesinde döreýän artykmaç energiýany netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň ýitgi meselesi Hytaý üçin aýratyn möhümdir. Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan energiýanyň, takmynan, 25%-i ýurduň demirgazyk-günbataryndan gündogaryna energiýany eltmek üçin elektrik geçiriji liniýalaryň ýetmezçiligi sebäpli ýitýär. Jupiter One suw elektrolizi arkaly artykmaç elektrik energiýasyny wodoroda öwürmäge, soňra ony energiýa öndürmek üçin ulanmaga mümkinçilik berip, bufer halkasy hökmünde hereket edip biler.
Generator ýokary derejede sazlaşykly işleýän on sany ýanyş kamerasyna eýedir. Wodorod ýangyç hökmünde ýokary reaktiwligi sebäpli ýanmak prosesine berk gözegçiligi talap edýär.
Işläp düzüjiler bu tehnologiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň yzygiderli işlemezlik meselesini çözmäge kömek edip, ýaşyl energetikany has durnukly eder diýip hasaplaýarlar.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....