Sagatbaglarda saglyk üçin howply toksinler tapyldy

  • 03.01.2025 19:17
  • 5.6k+

Notr-Dam uniwersitetiniň alymlary akylly sagatlaryň we fitnes-trekerleriň baglarynda bedende toplanyp, agyr keselleri döredip biljek howply maddalary tapdylar diýip, New Atlas habar berýär.

Barlagçylar Apple, Google, FitBit, Samsung we beýleki brendler tarapyndan öndürilen 22 dürli sagat baglaryny 20 dürli birleşmäniň bar-ýoklugyny anyklaýyş  synagdan geçirdiler. Harytlar dürli baha kategoriýalary taýdan öwrenildi. Önümlerde daşky gurşawda dargamaýan diýen ýaly ýokary derejeli PFAS “hemişelik himiki maddalar” bardygy ýüze çykdy.
Köp sagatbaglar rezini derlemäge, deri ýaglaryna we losýonlara çydamly etmek üçin ulanylýan sintetiki polimer bolan floroelastomeriň kömegi bilen ýasalypdyr. Dokuz önümde ýokary mukdarda perftorgeksan kislotasy (PFHxA) bar, bu milliardda 1000 bölekden geçýär, bu adatça sarp edilýän önümlerde duş gelinýänden has köp.
PFAS materiallary suwa we ýylylyga çydamly etmek üçin ulanylýar, ýöne olar üstki bölekden derä we howa geçip, bedene aralaşyp bilýär. Barlagçylar bu himiki maddalaryň uzak wagtlap täsir etmegi bagryň, galkan görnüşli mäziň kesellerine, önelgesizlige we rak keseline getirmek töwekgelçiligi bilen baglanyşyklydygyny  bellediler.
Bularyň hemmesi alada goýýar, sebäbi başga bir barlagyň netijesine görä, sarp edijiler günde ortaça 11 sagat bileklerine akylly enjamlary dakyp gezýärler. Barlagyň awtory Grem Pisli munuň ulanyjylara täsir ediş derejesini bahalandyrmak üçin has köp barlaglary geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......