2024-nji ýylda yzyna çagyrylan awtoulaglaryň sany boýunça awtoulag öndürijileriň antireýtingi düzüldi

  • 03.01.2025 19:14
  • 10k+

Tesla 2024-nji ýylda iň köp ulagyny yzyna çagyran awtoulag öndürijileriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu Carscoops neşiriniň hasaplamalaryndan gelip çykýar.

Elektrikli awtoulag öndürijisi bary-ýogy 15 gezek yzyna çagyryş kampaniýasyny geçirdi, ýöne olaryň her biri ep-esli ulagy öz içine aldy. Tesla-nyň umumy netijesi 5,1 milliondan gowrak awtoulag boldy. Dekabr aýynda başlanan iň soňky yzyna çagyryş, takmynan, 700 000 ulaga täsir etdi.
Ikinji orunda 4,7 million awtoulagy abatlamak üçin 67 gezek yzyna çagyryş kampaniýasyny guran Stellantis konserni boldy.
Ford 4,4 million ulaga degişli bolan 62 paý bilen ilkinji üçlügi jemleýär. Deňeşdirmek üçin, Ford 2023-nji ýylda hasam köp, ýagny 57 million ulagy yzyna çagyrdy.
Iň “çakylykçy” awtoulag öndürijileriň arasynda ilkinji onluga Honda, GM, BMW, Toyota (Lexus-y goşmak bilen), Kia, Hyundai we Volkswagen hem girdi.
Carscoops giň göwrümli yzyna çagyryşlara mysal hökmünde, 2024-nji ýylda kampaniýany girdeji çaklamalaryna täzeden garamaga mejbur eden, tormoz ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli 1,5 million awtoulagy yzyna çagyran BMW-ni ýatlaýar.


şu gün 08:16
1.3k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......