Hytaý Tibetde dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

  • 03.01.2025 11:16
  • 11k+

Hytaý Tibet platosynda ýerleşýän Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyny tassyklady. Täze desga her ýylda 300 milliard kWt⋅s elektrik energiýasyny öndürip biler, bu bolsa häzirki iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan “Üç jülgäniňki” bilen deňeşdirilende, üç esse artykdyr, diýip, South China Morning Post habar berýär.

Taslamanyň bahasy 1 trillion ýuandan (137 milliard dollar) gowrak.
Gurluşygyň gerimi çylşyrymly inženerçilik meselelerini çözmegi talap eder. Seýsmiki howpy ýokary bolan sebitde uzynlygy 20 km bolan alty ötük gurmak meýilleşdirilýär. Olar derýanyň 50-nji kilometrinde 2000 m beýiklik tapawudyny ulanyp, sekuntda 2000 kub metre çenli suwy sowarlar.
Gurluşyk wagtynda daşky gurşawa aýratyn üns beriljekdigi bellendi. Şeýlelikde, taslama Tibet sebitini arassa energiýa öndürijileriniň birine öwürjek Gün we ýel energiýa desgalaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Bendiň gurluşygynyň takyk möhletleri we ýerleşjek ýeri entek aýan edilmedi.


düýn 12:54
4.5k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....