Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Täze ýyl sowgatlaryny aldylar

  • 02.01.2025 17:56
  • 6.7k+

1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde Täze ýyl dabarasy guraldy. Onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy diýip, TDH habar berýär.

Dabara Mejlisiň, Halk Maslahatynyň hem-de degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň barşynda çagalar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Dürli yşyklar bilen ýalkym saçýan arçanyň ýanynda olar goşgy aýtdylar, tans etdiler.
Çagalara sowgatlar, şeýle hem olaryň döwrebap bilim almaklary üçin interaktiw okuw esbaplary gowşuryldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......