Netflix filmlerini we seriallaryny ünssüz tomaşaçylara uýgunlaşdyrýar

  • 01.01.2025 18:22
  • 3.4k+

Netflix akym hyzmaty hemme ünsi bermezden, fon režiminde tomaşa edip bolar ýaly filmleri we seriallary taýýarlaýar. Bu barada n+1 neşiriniň žurnalistleri ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, käbir taslamalar işlenip taýýarlananda kompaniýanyň ýolbaşçylary ssenariýaçylardan personažlaryň dialogyna düşündiriş goşup, “tomaşaça olaryň häzir näme edýändigini aýtmagy” tabşyrýarlar. Bu sýužeti ünsli yzarlamaýan tomaşaçylara esasy wakalardan habarly bolmaga mümkinçilik berýär.
Netflix-de casual viewing (“tötänleýin tomaşa”) ady bilen ýörite teg bar. Onuň bilen yzygiderli üns bermezden tomaşa etmek üçin laýyk gelýän filmler we şüweleňler bellenýär.
Bu formata laýyk gelýän žanrlaryň arasynda, köplenç, sitkomlar (situation comedy), realiti-şoular we tebigat barada dokumental filmler duş gelýär.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......